- ulaltmak
- işlik1) Gabarasyny, göwrümini artdyrmak.2) Idedip ösdürmek, ösdürip ýetşdirmek, kemala getirmek.∙ Göwsümden süýt berip ulaltdym seni. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)∙ Han-ha, allanäme, otyr öýünde, ogluny ulaltmak diňe küýünde. (A. Kekilow, Söýgi)3) Derejesini wezipesini galdyrmak.∙ Şeýdip wezipesin ulaltjakmyşyn, Ýaranjaň göwnüni gomaltjakmyşyn. («Tokmak» žurnaly)4) Üstüne goşmak, köpeltmek, artdyrmak.∙ Şol sözi ulaldyp aýdany ýadyna gelende, Aýsoltanyň özi hem ýylgyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Ol bolan wakany ulaldyp gürrüň berdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem ulaltmak - ulaldýar, ulaldar, ulaldypdyr.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.